Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý, Orsýet ABŞ-nyň raketadan goranyş sistemasyna 'çäre görjegini' aýdýarlar


ABŞ-nyň Ýokary derejede goranyş taýýarlygy boýunça sistemasy (THAAD)
ABŞ-nyň Ýokary derejede goranyş taýýarlygy boýunça sistemasy (THAAD)

Hytaý we Orsýet ABŞ-nyň Günorta Koreýada raketalardan goranyş sistemalaryny ornaşdyrmak boýunça yglan eden planlaryna aladalanma bildirdiler we takyk edilmedik “jogap beriji çärelerini” amala aşyrmagy wada berdiler, diýip ýurtlaryň döwlet medialary habar berdiler.

Jogap beriji çäreler “Hytaýyň we Orsýetiň bähbitlerini goramak hem regionda strategik deňagramlylygy saklamak maksadyny göz öňünde tutar”, diýip Hytaýyň Ksinhua agentligi belleýär.

Hytaý we Orsýet geçen ýylyň maý aýynda Waşingtonyň we Seulyň regionda Demirgazyk Koreýanyň döredýän howpunyň öňüni almak maksatly ABŞ-nyň Ýokary derejede goranyş taýýarlygy boýunça sistemasyny (THAAD) ýerleşdirmek barada geçiren gepleşikleriniň yzýany raketalardan goranyş ugrundan bilelikde türgenleşikleri geçiripdi.

Orsýet we Hytaý şu ýyl bilelikdäki türgenleşikleriniň ikinji tapgyryny geçirjegini yglan etdiler we ABŞ-nyň agzalan sistemasyny tankyt edip, güýçli radarlaryň öz howpsuzlygyna töwekgelçilik döretmeginden aladalanma bildirdiler.

XS
SM
MD
LG