Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda partnýory bolmagyna galýar


Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet baýdaklary

Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň 2016-njy ýyl boýunja netijelerine baha berdi.

Ksinhua agentliginiň ýurduň Täjirçilik ministrliginiň resmi wekili Sun Sziweniň 12-nji ýanwarda eden çykyşyna salgylanyp, habar bermegine görä, ýylyň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň iň iri söwda parnýoryna öwrülipdir. Maglumata görä, regionyň beýleki ýurtlary Gazagystan, Özbegistan we Täjigistan üçin Hytaý söwda dolanyşygynyň möçberi boýunça partnýorlarynyň arasynda ikinji ýerde durýar.

Türkmen metbugatyna görä, 2016-njy ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 5.4 milliard amerikan dollaryna barabar bolupdyr. Ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň esasy bölegini gaz söwdasy emele getirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG