Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Senat paneli Orsýetiň 2016-njy ýylyň saýlawlaryna gatyşmagyny derňär 


Riçard Burr
Riçard Burr

Amerikan senatynyň aňtaw komiteti, Moskwanyň 2016-njy ýylyň prezident saýlawlaryna gatyşmagy diýilýän bilen bagly giň derňewiň çäginde, Orsýet bilen ABŞ-nyň syýasy kampaniýalaryna dahylly adamlaryň arasynda mümkin bolan gatnaşyklary derňär.

Aňtaw komitetiniň ýolbaşçysy Riçard Bur (Richard Burr) bilen Mark Warneriň 13-nji ýanwardaky beýanatynda paneliň baş demokraty Orsýetiň gatyşmagy diýilýäniň «düýpli alada döredendigini» aýdýar we öz derňewleriniň ABŞ-nyň syýasy taryhyndaky adatdan daşary epizoda degişli maglumatlary aňrysyna çenli yzlajakdygyny belleýär.

Burr we Warner, bu derňewiň çäginde, özleriniň Obama adminstrasiýasynyň we indiki prezident Donald Trampyň adminstrasiýasynyň uly derejeli resmileri bilen hem söhbetdeşlik geçirjekdiklerini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG