Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestin prezidenti Mahmud Abbas Rim papasy Fransis bilen duşuşýar


Abbas Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinden hem kömek sorady.
Abbas Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinden hem kömek sorady.

Palestin prezidenti Mahmud Abbas Parişžde şu hepdäniň ahyrynda geçiriljek parahatçylyk konferensiýasyndan ozal, goldaw almak üçin, 14-nji ýanwarda Rim papasy Fransis bilen duşuşýar.

Abbasyň ABŞ-nyň ysraýyldaky ilçihanasynyň Tel-Awiwden Ýerusalime göçürilmegi baradaky palestin aladasyny hem gozgamagyna garaşylýar.

Palestinalylar bu çäre garşy durýarlar we onuň parahatçylygy gepleşmegiň islendik umydyny ýoga çykarjakdygyny öňe sürýärler.

Palestinalylar gündogar Ýerusalimi öz geljkki döwletleriniň paýtagty edinmek isleýärler, emma Ysraýyl bu şäheriň tutuşlygyna öz paýtagtydygyny aýdýar.

Abbas Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinden hem, Birleşen Ştatlaryň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ýerusalime göçürmegini togtatmagyna kömek bermegini sorady diýip, ýokary derejeli palestin resmisi 13-nji ýanwarda aýtdy.

Abbas Rim papasy bilen duşuşykdan soň Watikan şäherinde palestin ilçihanasyny açar. Watikan «palestin döwletini» resmi taýdan ykrar etdi.

XS
SM
MD
LG