Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polýak liderleri ABŞ goşunlarynyň öz ýurtlaryna gelmegini gutlaýar


 Premýer-ministr Beata Szydlo
Premýer-ministr Beata Szydlo

Polýak ýolbaşçylary 14-nji ýanwarda öz ýurtlaryna amerikan esgerleriniň gelmegini gutladylar.

Premýer-ministr Beata Szydlo munuň sebitiň howpsuzlygyny berkitjek «beýik gündügini» aýtdy.

Orsýetiň Ukraina garşy gören çärelerinden soň, Gündogar Ýewropadaky regional ýaranlaryň ynamyny berkitmek maksady bilen, NATO-nyň goşun aýlanyşygynyň çäginde Polşa 3,500 amerikan esgeri ýerleşdirildi.

"Bu Polşa üçin, Ýewropa üçin we biziň umumy goranyşymyz üçin möhüm gün" diýip, Szydlo 14-nji ýanwarda günbatardaky şäher Zaganda guralan dabarada aýtdy.

Polşanyň goranmak ministri Antoni Macierewicz goşunlaryň «Ýewropada we bütin dünýäde azatlygy, garaşsyzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etjekdigini» aýtdy.

"Bu Amerikanyň iň başarjaň söweş güýçleri, söweşe taýýar, ýokary tälim berlen bronly brigada, olar biziň iň kämil enjamlrymyz we ýaraglarymyz bilen üpjün edilen» diýip, ABŞ-nyň Polşadaky ilçisi Paul Jones Zagandaky dabarada belledi.

XS
SM
MD
LG