Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda saýlawlara syn etjek milli synçylar bellige alyndy


Saýlaw uçastogynda ses berýän raýatlar, 15-nji dekabr, 2013.
Saýlaw uçastogynda ses berýän raýatlar, 15-nji dekabr, 2013.

Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary boýunça döwlet baştutanynyň wezipesine kandidatlaryň ynanylan adamlaryndan düzülen milli synçylary bellige almak çäresi geçirildi diýip, türkmen telewideniýesi şenbe güni habar berdi.

Häzir bellige alnan milli synçylaryň sany üç müň iki ýüzden gowrak bolup, olara degişli saýlaw uçastoklarynda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.

Habarda bu synçylaryň dürli ugurlar boýunça işleýän ýokary bilimli adamlardygy, şonuň bilen bir wagtda olar üçin saýlaw kanunçylygy boýunça okuw sapaklarynyň guraljakdygy aýdylýar.

Türkmenistanda 12-nji fewrala bellenen prezident saýlawlarynda 9 kandidat döwlet baştutanynyň wezipesi ugrunda bäsleşer.

Emma synçylar bu saýlawyň netijesiniň öňünden belledigini aýdýarlar. Türkmenistanda şu wagta çenli halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

XS
SM
MD
LG