Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap welaýatynyň Farap etraby $1 million sylag aldy


Farap etraby, türkmen-özbek serhedi. 2015 ý.
Farap etraby, türkmen-özbek serhedi. 2015 ý.

Lebap welaýatynyň Farap etraby Türkmenistanda 2016-njy ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýen ada eýe boldy.

Türkmenistanyň prezidentiniň kararyna laýyklykda, Farap etraby sosial-ykdysady we medeni görkezijileri boýunça 2016-njy ýylda türkmen şäherleriniň we etraplarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji diýip yglan edildi.

Mundan öňki ýyllarda däp bolşy ýaly, bäsleşikde ýeňiji bolan etraba 1 million ABŞ dollary möçberindäki pul sylagy berilýär.

Türkmen mediasynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Merkezi banky bu sylagy döwlet fondundan alyp, etraba berer.

Farap etrabynyň adminstrasiýasynyň 1 million dollar möçberindäki serişdäni nähili harçlajakdygy aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG