Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

WSJ: Karimowa Şweýsariýanyň prokurorlary tarapyndan soraga çekildi


Öňki özbek prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa

“Wall Street Journal” neşiri öňki özbek prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowanyň pul ýuwmak aýyplamalary bilen ilteşikli Şweýsariýanyň prokurorlary tarapyndan soraga çekilendigini habar berýär.

“Wall Street Journal” neşiri Karimownyň Ženewadaky aklawçysy Gregoire Mangeata salgylanyp, 9-10-njy dekabrda özbek paýtagty Daşkentde iki şweýsar prokurorynyň Karimowany jemi 23 sagat soraga çekmegine rugsat berlendigini ýazdy.

Bir wagtlar kakasynyň mirasdüşeri hökmünde garalýan Karimowanyň Şwesiýada we Şweýsariýada dowam edýän pul ýuwmak derňewleri bilen ilteşiklidigi aýdylýar. Şeýle-de, onuň ady Özbegistanda maliýe jenaýatlary bilen ilteşikli dowam edýän sud işiniň merkezinde agzalýar. Bu iş bilen baglanyşykly Karimowanyň hyzmatdaşlarynyň ençemesi tussag edildi.

Şeýle-de, ol 2014-nji ýyldan bäri Daşkentde öý tussaglygynda saklanylýar.

15-nji ýanwarda “Wall Street Journal” neşiri aklawçy Mangeata salgylanyp beren maglumatynda Karimowanyň “saglyk ýagdaýynyň gowudygyny, emma onuň howpsuzlygyna kepil geçip bolmaýandygyny” habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG