Birleşen Ştatlaryň aýa baryp gaýdan soňky astronawty Jin Çernan (Gene Cernan) 82 ýaşynda aradan çykdy.
NASA pensiýadaky astronawtyň aradan çykmagynyň ýitgi bolandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň kosmiki agentligi açyk kosmosa çykan ilkinji adam bolan Çernanyň öz maşgalasynyň arasynda dünýäden ötendigini habar berdi.
1972-nji ýylyň dekabr aýynda Çernan Apollo 17 missiýasyna ýolbaşçylyk edip, aýa gadam basan 11-nji adam boldy.
Çernan 1976-njy ýylda NASA-dan pensiýa çykyp, hususy biznes bilen meşgullandy we ABŞ-nyň telewizion kanallary bilen işleşdi.
2016-njy ýylda Çernanyň durmuşy barada “Aýa baran soňky adam atly” dokumental film çykdy.
Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?