Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň iň gowy etrabynyň ‘ikinji ýüzi’


Adaty faraplylar öz ýaşaýan sebitine berlen resmi derejeden habarlarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl boýunça iň gowy etraby hökmünde Lebap welaýatynyň Farap etraby saýlandy. Resmi metbugat muňa etrabyň “durmuş, ykdysady we medeni ulgamlarda hemme görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmagynyň” sebäp bolandygyny belledi.

Ýeňiji etrabyň häkimligine "altyn asyry ösdürmek" fondundan 1 million amerikan dollary-da bölünip berildi.

Şol bir wagtda, adaty faraplylar öz ýaşaýan sebitine berlen resmi derejeden habarlarynyň ýokdugyny aýdyp, onuň “ýurduň iň gowy etraby” hökmünde saýlanmagy bilen birilikde, entek çözülmedik köp ykdysady hem sosial meseleleriniň hem bardygyny aýdýarlar.

Faraplylar etrabyň esasy problemalarynyň arasynda işsizligi, uzak obalardaky arassa suw ýetmezçiligini, ýollaryň oňarylman, barha ýaramazlaşmagyny we medisinanyň hiliniň pesligini agzap geçýärler.

Eýse Farabyň içindäki häzirki ýagdaýa göz aýlasaň, etrabyň içinde belli bir derejede abatlaýyş işleri alnyp barylýan ýaly hem görünýär. Şäherçäniň içiniň esasy köçeleriniň ugrundaky ýollar abatlanyp, asfaldyň ýüzündäki çukurlar ýüzleý ýamalyp geçilipdir. Jaýlaryň ýola seredip duran taraplary bolsa aklanyp gopan ýerleri suwalýar. Köçelerde we parklarda eli sübseli kommunal hojalyk edaralarynyň işgärleri arassaçylyk işlerini alyp barýarlar. Häzirki wagtda býujet edaralarynyň işgärlerini hem ýowara çykmaly edipdirler.

Bu işler Farap şäherçesinde gündelik, käbir işleri bolsa iki üç aýdan bir edilýän adaty işlerden ybarat diýip, etrabynyň ýaşaýjysy, 30 ýaşlaryndaky Kämil aýdýar.

Emma şol şäherçäniň esasy köçelerinden içe girseň bolsa, bu ýerde iň bolmanda arassaçylyk işleri geçirilýärmi diýen sorag aklyňa gelýär diýip, Kämil sözüniň üstüne goşdy.

Köçeleriň ugrundaky pytrap ýatan zir-zibiller, asfalty opurylyp giden köçeler bu şäherçäniň ünsden düşendigini aňladýar.

Şäherçäniň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, regionyň ýollary soňky 20 ýylyň içinde asla oňarylmandyr.

Galyberse-de, etrap häkimligine baýrak hökmünde berlen 1 million dollaryň haýsy maksatlar we hajatlar üçin harçlanjakdygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Bu barada etrap resmileri hem nähilidir bir maglumat bermekden ýüz öwürdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG