Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Siriýa boýunça parahatçylykly gepleşiklere ABŞ-nyň goşulmagyna garşy


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif, Tähran, 17-nji ýanwar, 2017.

Eýran Siriýada parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça indiki hepdede Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek gepleşiklere ABŞ-nyň goşulmagyna garşy çykyş edýär.

Tähranyň bu pozisiýasy gepleşikleriň ýene iki guramaçysy Orsýetiň we Türkiýäniň teklibine ters gelýär. Olar Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň 23-nji ýanwarda Astanada başlanýan gepleşiklere gatnaşmalydygyny aýdypdy.

"Biz olary çagyrmadyk we biz olaryň bolmagyna garşy” diýip, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 17-nji ýanwarda Tasnim habar agentligine aýtdy.

Orsýet, Eýran we Türkiýe Siriýanyň hökümet güýçleriniň gozgalaňçylaryň galasy hasaplanan Aleppo şäherini eýelemek boýunça uly öňegidişlige eýe bolmagynyň yzýany parahatçylyk ugrunda gepleşikleri geçirmegiň ugrunda çykyş edýärler.

Eýran we Orsýet Siriýadaky konfliktde prezident Başar al-Assadyň esasy ýaranlarydyr.

XS
SM
MD
LG