Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Orsýetden alkogoly import edýän esasy dört ýurduň hatarynda agzalýar


Orsýetiň spirtli içgileri öndürýän "Omskwinprom" zawody

Türkmenistan Orsýetden spirtli içgileri iň köp import edýän dört ýurduň hataryna girýär, diýip “Kaspiý täzelikleri” neşri habar berýär.

Maglumata görä, bir ýylyň dowamynda Orsýetden Türkmenistana sekiz million tonnadan gowrak alkogol iberilipdir.

“Orsýetde etil spirtiniň eksporty we importy” atly hasabata laýyklykda 2015-nji ýylyň iýulyndan 2016-njy ýylyň iýunyna çenli Orsýetden eksport edilen arassa etil spirtiniň eksportynyň möçberi 64 müň tonna barabar bolupdyr, diýlip Orsýetiň media maglumatlarynda RBK we “BusinesStat” agentliklerine salgylanyp, habar berilýär.

Orsýetiň spirt eksportynyň esasy böleginiň Findlýandiýanyň paýyna düşýändigi(19,30 müň tonna), yzýany Türkiýäniň (10,03 müň tonna), Latwiýanyň (9,98 müň tonna) we Türkmenistanyň barýandygy (8,09 müň tonna) maglumatda aýdylýar.

Orsýetde spirtiň ortaça bahasyna görä, bir kilogrammyň 0,70 dollara durýandygy maglumatda bellenýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG