Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda ýumrulan 17 gatly binada heläk bolanlaryň sany gapma-garşy


“Plasco” atly binany ot alyp ýumurdy, Tähran, 19-njy ýanwar, 2017.

Tähranyň merkezinde beýik binanyň ýanyp, ýumrulmagy zerarly adam pidalarynyň sany barada gapma-garşy maglumatlar peýda boldy.

“Associated Press” agentligi Eýran Press telewideniýesine salgylanyp, 30 çemesi ýangyn söndürijiniň wepat bolandygyny habar berdi, emmä öz çeşmesini görkezmedi.

Döwlet telewideniýesi “azyndan 38 adamyň ýaralanyp, keselhana düşendigini” habar berdi.

Habar berlişine görä, Eýranyň merkezindäki uly bazaryň golaýynda ýerleşýän 17 gatly binanyň ýumrulmagyndan öň onuň içindäki adamlar ewakuasiýa edilipdir.

Ýangyn söndürijiler birnäçe sekundyň dowamynda ýumrulan binany halas etmek üçin ençeme sagatlap göreşdiler.

“Plasco” atly bina 1960-njy ýyllaryň başynda gurlup, Tähranyň iň beýik binalarynyň biri bolupdy. Onuň içinde söwda merkezleri we dükanlar hem ýerleşýärdi.

XS
SM
MD
LG