Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: rus sanksiýalaryny ýadro gepleşikleri bilen baglanyşdyrmaly däl


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama metbugat ýygnagynda çykyş edýär. 18-nji ýanwar, 2017 ý.

Amerikan prezidenti Barak Obama Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarym adasyny bikanun özüne birikdirendigi sebäpli onuň garşysyna girizilen sanksiýalary ýadro arsenalyny çäklendirmek baradaky gepleşikler bilen baglanyşdyrylmaly däl, Moskwa Ukraina baradaky ugruny üýtgetýänçä, sanksiýalar öz güýjünde galmaly diýdi.

Obamanyň 18-nji ýanwarda iň soňky metbugat konferensiýasynda eden beýanaty göni onuň respublikan oruntutary, üstümizdäki hepdede wezipe başyna geljek Donald Trampa gönükdirilýäne meňzeýär.

Tramp 16-njy ýanwarda Londonyň “Times” gazetine beren interwýusynda üç ýyla golaý mundan ozal Waşington bilen onuň ýewropaly ýaranlary tarapyndan Orsýetiň garşysyna girizilen sanksýalaryň ýatyrylmagy Amerikanyň we Orsýetiň ýadro arsenallaryny çäklendirmek meselesine bagly etdi.

Obama bir žurnalistiň soragynyň jogabynda, Orsýetiň “barha güýjeýän anti-amerikan ritorikasyndan” zeýrenip, bu ritorikanyň 2012-nji ýylda Wladimir Putin prezidentlige dolanyp geleninden soňra başlanandygyny aýtdy.

“Biziň sanksiýa girizmegimiziň sebäbi ýadro ýaraglary meselesi däl. Muňa sebäp bolan bir döwletiň garaşsyzlygy we özygtyýarlylygy, Orsýet zor bilen Ukraina girdi” diýip, Obama aýtdy.

“Men ruslara bu işi togtadan badyňyza sanksiýalar aýrylar diýip aýtdym. Meniň pikirimçe, bu sanksiýalaryň girizilmegini beýleki meseleler bilen garyşdyrmazlyk, diňe Amerikanyň bähbitleri üçin däl, halkara normalaryny saklamak üçin hem peýdaly bolar”.

“Uly döwletleriň kiçeňräk döwletlere basyp girmezlik prinsipini Birleşen Ştatlaryň goldamagy möhüm” diýip, Obama belledi.

Orsýet öz gezeginde, Birleşen Ştatlaryň 2003-nji ýylda Yraga çozup girmegini, şeýle hem Obamanyň Orta Gündogar baradaky syýasatyny, şol sanda 2011-nji ýylda Liwiýanyň içeri işlerine garyşmagyny ýazgardy.

Trampyň Orsýete has barlyşykçy çemeleşjekdigini duýdurmagy Ukrainada, şeýle hem Amerikanyň ýaranlarynda, aýratyn-da Gündogar Ýewropanyň öňki Warşawa blogyna degişli ýurtlarynda alada döretdi.

Arsenallar täzelenýär

Obama ýadro ýaraglaryny çäklendirmegi prezidentlik wezipesiniň düýp prinsipine öwürdi. 2010-njy ýylda Orsýet bilen Birleşen Ştatlar “Täze START” diýip tanalýan şertnama gol çekdiler.

Bu şertnamada iki tarap-da strategik ýadro güýçlerini az-kem çäklendirmegi öz üstlerine aldylar. Obama Kremli çäklendirişiň täze tapgyryna çekmäge synanyşdy, ýöne iki tarap arasyndaky gatnaşyklaryň aşaklamagy netijesinde bu tagallalaryň baran ýeri bolmady.

Iki ýurt-da öz arsenallaryny täzelemäge girişdiler, bu hem täze ýaraglanyşyk ýaryşyna getirer diýen aladalara sebäp boldy.

Obamanyň metbugat konferensiýasy Birleşen Ştatlarda geljegi näbelli we dartgynly prezidentlige geçiljek adatdan daşary wagta gabat gelýär.

Syýasy synçylaryň aglabasy Trampyň prezidentlige saýlanmagyna Obamanyň mirasynyň ret edilmegi diýip garaýarlar. Soňky hepdelerde Obama bu pikiri yza serpikdirmek maksady bilen dürli media ençeme interwýuw berip, köp çykyşlar etdi.

Ol Kongresiň oňlamagy zerur bolmadyk permanlar bilen öz syýasy gazananlaryny ýerinde saklap, olary Tramp administrasiýanyň bozmagyndan goramaga synanyşdy.

Diplomatlaryň çykarylmagy

Obama saýlaw kampaniýasynyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň syýasy partiýalaryna gönükdirilen kiber hüjümleri bilen baglanyşykly orsýetli şahsyýetleri we guramalary jezalandyry.

Ol Birleşen Ştatlaryň Orsýetdäki diplomatlaryna berilýän ezýet-azara jogap edip, Orsýetiň 35 diplomatyny ýurtdan kowdy.

Obama şeýle hem 2015-nji ýylda Krym ýarym adasy anneksiýa edileninde oýnan rollary sebäpli ors resmileriniň garşysyna girizilen maliýe sanksiýalarynyň möhletini uzaltdy.

Metbugat konferensiýasynda Obama Palestina bilen Ysraýyl arasyndaky konfliktde iki-döwlet düzgüniniň regionyň parahatçylygy üçin zerurdygyny aýdyp, öz administrasiýasynyň pozisiýasyny ýene bir gezek gaýtalady.

Obama şeýle-de prezidentlik döwrüniň soňky günlerinde Çelsi Manningiň tussaglyk möhletini gysgaltmagyny gorady.

Birleşen Ştatlaryň gizlin dokumentleriniň müňlerçesini paş eden öňki goşun işgäri Manning 2013-nji ýylda 35 ýyl türme tussaglygyna höküm edilidi. Obamanyň 17-nji ýanwarda çykaran permany boýunça, ol öňümizdäki maýda türmeden boşadylar.

XS
SM
MD
LG