Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bin Laden öz ogullaryna Eýranyň yzarlaýjy gurallary oturtmagyny güman edipdir


“Al-Kaýdanyň” öldürilen lideri Saud Arabystanynda doglan Osama bin Laden metbugat konferensiýasynda, Owganystan, 26-njy maý, 1998.

19-njy ýanwarda çap edilen maglumatlarda “Al-Kaýdanyň” öldürilen lideri Osama bin Ladeniň Pakistanda gizlenen ýyllarynda öz ogullaryna Eýranyň resmileri tarapyndan yzarlaýjy gurallaryň oturdylmagyna aladalanma bildirendigi mälim edildi.

“Eger olar size sanjym eden bolsalar, şol sanjymlar bilen kiçijik çipleriň oturdylan bolmagy mümkin” diýip, Bin Laden öz ogullary Uthmana we Mohammede ýazan wagty görkezilmedik hatynda aýdýar. Bin Ladeniň ogullaryna Eýranda ýaşamaga rugsat berlipdi.

ABŞ-nyň ýörite güýçleri 2011-nji ýylda bin Ladeniň Abbottabad lagerine baryp, ony öldürenden soň bu haty beýleki dokumentler bilen bilelikde ele salypdy.

Geçen ýylyň mart aýynda çap edilen dokumentler bin Ladeniň yzarlamalardan gorkuly paranoik pikirlerini Eýranda ýaşaýan öz aýallarynyň birine ýazan hatynda hem öňe sürendigini mälim edipdi.

XS
SM
MD
LG