Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp milleti birleşdirmegi, Obamanyň programmalaryny ýatyrmagy wada berýär


Media inagurasiýa toplanýar

Wezipä başlamagy mynasybetli 20-nji ýanwarda geçirijek inagurasiýa dabarysy üçin Waşigntona gelen Donald Tramp özüniň bölünen millet diýýänini birleşdirmegi, özgerişlik getirmegi wada etdi.

Inagurasiýasynyň öňýanynda agzybirlikden gürrüň eden Tramp Barak Obamanyň ýolbaşçylygynda klimat özgermesi, immigrasiýa düzgünlerini ýeňilleşdirmek we halkara söwda ylalyşyklary boýunça girizilen çäreleri yzyna serpikirjekdigini duýdrudy.

Tramp Waşingtonda müňlerçe adamyň ýygnan ýeri bolan Linkoln ýadygärliginiň öňünde: “Ýurdumyzy birleşdireris, ýurdumyz üçin onlarça ýyllap edilmedik işleri ederis. Ol özgerer, size wada berýärin” diýdi.

Müňlerçe adamyň onuň inagurasiýasyny gutlamaga ýa protest etmäge gelerine garaşylýan mahaly Tramp ses berip, saýlanmagyna mümkinçilik döreden adamlara minnetdarlyk bildirdi.

“Bu biziň dünýäniň hiç bir ýerinde görmedik pursatymyz. Siz indi unudulmarsyňyz. Ähli zady üýtgederis. Iş orunlarymyzy yzyna getireris” diýip, Tramp aýtdy.

Onuň kömekçileriniň bellemegine görä, Tramp wezipe başyna gelende ilkinji sagatlar gaty hereketli bolar, ol özüniň inagurasiýa çykyşyny ozalky prezidentleriňkiden gysga eder.

“Tramp söz däl, iş adamy, muny ertir eşidersiňiz” diýip, Ak tamyň indiki geňeşçisi Kellýanna Konwaý aýtdy. Onuň inagurasiý çykyşy “nepis, owadan, güýçli we gysga bolar”.

Kömekçileriniň bellegine görä, Trampyň etjek ilkinji işleri klimat özgermesi baradaky düzgünleri togtatmak, yslam ekstremizmi bilen ilteşikli diýilýän ýurtlardan bolan immigasiýany duruzmak, kömür we nebit magdanlaryna girizilen çäklendirmeleri ýatyrmak bolar.

Bu permanlaryň käbiriniň Tramp kasam edeninden sanlyja sagat soňra çykarylmagyna garaşylýar.

Trampyň girizjek üýtgetmeleri çalt görnüp başlasa-da, ýurdy nädip birleşdirjekdigi belli däl.

Onuň prezidentligini şindi-de müňlerçe adam ret edýär.

Birleşen Ştatlaryň Wekiller öýündäki demokratlaryň üçden biri onuň inagurasiýa dabarasyna gatnaşmajakdyklaryny bildirdiler.

Üsütmizäki hepdäniň başlarynda geçirilen pikir soraýyş boýunça ony goldaýanlaryň sany indi ilatyň diňe 40 prosenti. Bu 1977-nji ýylda Jimmi Karter prezidentlige saýlanaly bäri iň pes derejedir.

Öten hepde Trampyň ministrler kabinetine kandidat hödürlenen adamlary kanun çykaryjylar, aýratyn-da demokratlar, synag soragyna çekdiler.

Üstümizdäki aýyň başlarynda hem Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary “2016-njy ýylyň kampaniýasynda Amerikanyň saýlawlaryna gönükdirilen täsir ediş buýrugyny” Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin beripdir diýen netijä geldiler.

Şeýle hem olar Putin bilen ors hökümetini 8-nji noýabrda Trampy onuň bäsdeşi Hillari Klintondan ileri tutmakda aýypladylar.

Trampyň inagurasiý dabarysyny gurnamak bilen meşgullanýan Tom Barrak Tramp “biziň çekişip bilýänimizi, göreşip bilýänimizi we jedelleşip bilýänimizi bütin dünýä görkezer”, onsoň tutuş millet bir prezidentiň arkasyny tutup birleşer diýdi.

Ýurdy birleşdirip, Waşingtonda iki partiýa arasyndaky bölünişigi soňlamagy Obama-da wada edipdi. Ýöne ol wezipe başynda sekiz ýyl bolanyndan soňra bu maksady amala aşyrp bilmändigini boýuna aldy.

Trampyň Waşingtona gelen tarapdarlarynyň käbiri geljege umytly garaýar.

Bularyň biri Kennektikut ştatyndan bolan ýangyn söndüriji Jon-Paul Oldham. Ol Trampyň işlerinde üstünlikli bolmagyny hemmeleriň isleýändigini aýdyp: “Biz gowy howa we agzybirlik bolar diýip umyt edýäris” diýdi.

“Onuň şowsuzlyga uçramagyny islemek, özüň uçaryň içindekäň uçaryň heläkçilige uçramagyny islemek bilen deň”.

Trampyň kasam etjek ýeri bolan Kapitolyň öňündäki Milli alleýa 900 müň adamyň ýygnanaryna garaşylýar.

Trampyň opponentleri hem Waşingtonyň merkezinde onuň garşysyna protest geçirmegi planlaşdyrýarlar. Bu demonstrasiýalaryň birini “ANSWER” koalisiýasy gurnaýar.

“Bu giň gerimli gaýatawul beriş döwrüniň birinji güni. Biz Trampa we onuň hökümetine gaty güýçli duýduryş bermekçi” diýip, bu toparyň işgärleriniň biri bolan Ben Beker aýdýar.

“Trampyň gün tertibi giň. Ol musulmanlara, immigrantlara, aýallaryň hukuklaryna we işçileriň hukuklaryna hüjüm etmegi öz içine alýar”.

Saýlanan prezidentiň garşysyna protest geçirmek üçin Nýu Ýorkuň köçelerine ýygnanan müňlerçe adamdan ybarat märekä holliwud aktýory Robet de Niro we ýene-de şolar ýaly tanymal adamlar-da goşuldylar.

“Näme bolsa-da, biz amerikanlar, nýu ýorklular we watançylar öz hukuklarymyz we watandaşlarymyzyň hukuklary üçin agzybir durup, olary gorarys” diýip, de Niro aýtdy.

Bu aralykda Osýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Trampyň wezipe başyna gelmegi Birleşen Ştatlar bilen oňat gatnaşyklaryň başlangyjy bolar diýip umyt bildirdi.

Trampyň nähili ýoly tatjakdygy näbelli bolsa-da, Medwedew öz “Facebook” sahypasynda “gatnaşyklary gowulandyrmak işinde biz öz üstümize düşenini etmäge taýyn” diýip, ýazdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG