Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Telekeçileriň lisenziýa tölegleri gymmatlady


Bakja önümleriniň söwdasyny edýän telekeçiler.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda kiçi we orta telekçileriň söwda rugsatnamasyny almak düzgünine täze üýtgeşmeler girizilip, olaryň patent almak tölegleri tas dört, seminar okuwlarynyň bahasy bolsa iki esse gymmatlady.

Häzirki wagtda türkmen işewürleri söwda rugsatnamasyny almak üçin, ilki 320 manat töläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi tarapyndan gurnalýan iki hepdelik seminar okuwa gatnamaly.

Bu okuwy tamamlan telekçilere ýörite sertifikat, şahadatnama berlip, olardan öz ýaşaýan ýerindäki salgyt gullugyna arza ýazmak we 720 manat möçberindäki tölegi tölemeklik talap edilýär.

Ýatladyp geçsek, 2015-nji ýylda girizilen talaba laýyklykda, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiler söwda etmäge rugsat hatyny almak üçin, ilki salgyt gullugyna 180 manat möçberindäki tölegi töläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi tarapyndan gurnalýan 4 günlük ýörite okuw sapaklaryndan geçmeli bolýardylar. Bu okuw sapaklarynyň bahasy 160 manada barabardy.

“Ýokardan berlen görkezme”

Türkmenistanyň Salgyt gullugynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň resmileri işewürleriň patent almak we seminar okuw tölegleriniň “ýokardan berlen görkezme esasynda” gymmatladylandygyny aýdyp, munuň sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler. Bu dogrusynda döwlet mediasynda hem ilat köpçüligine maglumat berilmeýär.

Emma Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň käbir resmileriniň aýtmagyna görä, eger söwdagärlerde ýörite okuw kursuny geçendigi barada sertifikat bolmasa, onda geljekde olar ýurduň salgyt bölüminde, banklarda we gümrük gullugynda öz işlerini doly çözüp bilmeýärler.

Ýeri gelende bellesek, telekeçileriň bu okuw seminarlarynyň başlanmagy üçin bir toparyň, ýagny azyndan 25 adamyň toplanmagyna garaşylýar. Şol bir wagtda, telekeçiler patenti alansoň, olardan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine agza bolup, 1600 manat möçberindäki tölegi hem tölemek soralýar.

Mundan daşgary, olar bu birleşigiň “Rysgal” gazetine hem ýazylmaly. Bu gazet ýurtdaky iň gymmat neşirleriň biri bolup, onuň alty aýlyk abuna tölegi ortaça 100 manada barabar.

Çäklendirmeler

Käbir işewürler ýurduň metbugat serişdelerinde telekeçiligi ösdürmek üçin “tagallalaryň edilýändigi” gaýta-gaýta tekrarlansa-da, işe başlamanka öňünden edilýän çykdajynyň mukdarynyň uludygyndan zeýrenýärler.

“Eger mende kiçi biznese başlamak üçin talap edilýän mukdardaky summany tölemäge pulum bar bolsa, onda men günümi başgaçarak ýollar bilen görerdim, maşyn alyp taksiçilik ederdim. Bizden talap edilýän bu tölegleriň mukdary aşa uly. Bu tölegleri tölemek üçin karz almaly bolýarys” diýip, Aşgabatda kiçi söwda başlamak üçin patent almak isleýän 34 ýaşly ýaşaýjy Begdurdy aýdýar.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiler söwda etmäge başlamak üçin, seminar sapaklardan bir gezek geçmeli bolsa, öňden bäri söwda bilen meşgullanýan işewürler öz patentlerini her ýyl täzelemeli bolýarlar.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal hem ýurtdaky telekeçilere garşy käbir çäklendirmeler girizilipdi. Olaryň arasynda telekeçileriň walýuta operasiýalarynyň we pul birlikleriniň awtomatiki konwertasiýasynyň çäklendirilmegi bar.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda hususy telekeçileriň öz bank hasaplaryndaky pullaryny ýerli manada nagtlaşdyryp bilýän mukdary ýene çäklendirildi. "Türkmenistanyň alternatiw habarlary" neşiriniň berýän maglumatyna görä, mundan beýläk telekeçiler öz hasaplaryndan her aýda diňe 3 müň 500 manady (resmi kursa görä $1,000) alyp bilerler. Mundan owal bu görkeziji 35 müň manada ($10,000) çenli ýetýärdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG