ABŞ-nyň Döwlet departamenti özüniň Waşingtondan Astanada 23-nji ýanwarda başlanýan Siriýa parahatçylyk gepleşiklerine ýörite delegasiýa ýollamajakdygyny, emma oňa ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçisiniň wekilçilik etjekdigini aýtdy.
Waşington bu beýanaty 21-nji ýanwarda, prezident Donald Tramp resmi kasam kabul edeninden bir gün soň etdi.
Trampyň bellän hökümet agzalarynyň we ilçileriniň köpüsi, şol sanda ABŞ-nyň iň ýokary diplomatynyň - döwlet sekretarynyň wezipesine hödürlenen kandidat hem entäk ABŞ kanun çykyrajylary tarapyndan tassyklanmadyk.
ABŞ-nyň Gazagystandaky häzirki ilçisi George Krol bu wezipä öňki prezident Barak Obama tarapyndan, 2015-nji ýylyň başynda bellenildi. Krol ondan öň Özbegistanda we Belarusda amerikan ilçisi bolup işledi.
Şeýle-de Krol öň Döwlet departamentiniň Orsýet meseleleri baradaky edarasyna direktorlyk etdi, Moskwada, sankt-Peterburgda, Kiýewde, Minskde, Warşawada, Nýu-Delide diplomatik işlerde işledi. Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 20-nji ýanwarda Moskwa Trampyň Astana gepleşiklerine bir Ýakyn Gündogar ekspertini ibermegine umyt baglaýar diýdi.
Astanadaky Siriýa parahatçylyk gepleşikleri Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň howandarlygynda geçirilýär.