Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen wekilleri hojalyk mallarynyň gyrylmaýandygyny aýdýarlar


“Häzir adamlar hojalyk mallarynyň infeksiýa zerarly ölýändigi baradaky maglumatlaryň ýaýramagy bilen, bazarlardan et almagyny tas goýdular diýen ýaly".

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda towuklaryň we gara mallaryň infeksiýa ýolukmagyna meňzeýän sebäpler zerarly gyrylýandygy; bu maglumatlaryň fonunda ulaglarda şäher ýerlerinde arzan etiň satylyp başlanandygy barada ençeme tapgyr makala taýýarlandan soňra, häzir dürli websaýtlarda türkmen emeldarlarynyň bu ýagdaýy inkär edýän maglumatlary ýerleşdirilip başlandy.

Özüni Aşgabadyň etegindäki guş toplumynyň ýolbaşçysy – D.Saparow diýip tanyşdyran bir şahsyýet “Rosbalt” habarlar gullugyna ýurtda towuklaryň sibir başy wirusy sebäpli gyrylmaýandygyny aýdyp: “Ýurduň ykdysadyýetiniň ösýändigi, şeýle-de oba-hojalyk pudagynyň göz-görtele ilerleýändigi sebäpli bazarlarda etleriň dürli görnüşleri hödürlenýär. Hut şu sebäpli et önümleriniň bahalary peselýär” diýip maglumat beripdir.

SNG.TODAY websaýtynda çap bolan maglumatda hem “ýurduň oba-hojalyk pudagynyň ösmegi netijesinde ýurtda et önümleriniň bahalarynyň peselýändigi” öňe sürlüp, öý mallarynyň infeksiýalara uçrandygy baradaky maglumatlar inkär edilýär.

Hakykatyň hatyrasyna nygtap geçsek, Azatlyk Radiosy öz makalalarynda öý mallarynyň wirusa ýolukmagyna meňzeýän sebäpler zerarly gyrylýandygy baradaky maglumatlaryň fonunda, Aşgabatda welaýatlardan gelen ulag üstündäki hususy söwdagärleriň arzan towuk etini satyp başlandygyny; şeýle-de welaýatlarda haram ölen mallaryň etleriniň kafedir restoranlara ýarpy bahasyna satylýandygyny nygtapdy.

Azatlyk Radiosyndaky gürrüňi gidýän makalalarynda, ýurduň bazarlaryndaky et önümleriniň bahalarynyň arzanlandygy barada hiç hili maglumat berilmändi.

Galyberse-de, ýokarky saýtlarda nygtalyşy ýaly, häzir Türkmenistanyň bazarlarynda “et önümleriniň bolçulygy” görünmeýär. Aşgabadyň söwda nokatlaryndan 20-22 manat aralygynda satylan elin towuk eti asla-da ýitirim boldy. Hususyýetçileriň “teker üsti” aýlap satan 10-12 manatlyk towuk etleriniň hem yzy kesildi.

“Häzir adamlar hojalyk mallarynyň infeksiýa zerarly ölýändigi baradaky maglumatlaryň ýaýramagy bilen, bazarlardan et almagyny tas goýdular diýen ýaly. Olar paýtagtyň eteginde howlularynda dowar saklaýanlardan baryp, maly gözüniň öňünde soýduryp, satyn alýarlar” diýip, aşgabatly Aman gürrüň berdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi welaýatyň dürli sebitlerinden towuklaryň we gara mallaryň infeksiýa sebäpli gyrylýandygy baradaky maglumatlaryň häli-şindi hem gowuşmagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Aglaba türkmen hökümetiniň arkasyny tutup makala çap edýän Gundogar-news” internet neşirinde-de ýurtda hojalyk mallarynyň nähilidir bir infeksiýa ýolugandygy inkär edilýär. Makalada “Türkmenistanyň oba-hojalyk pudagyna uly ünsüň berilýändigi” aýdylyp, ýurtdaky guş toplumlarynyň we maldarçylyk kompleksleriniň sany hem getirilýär. Emma öý mallarynyň nähilidir bir wirusa uçramagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler dogrusynda hiç zat aýdylmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosyna hem Türkmenistanyň degişli edaralaryndan nähilidir bir maglumat almak başartmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG