Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz sudy özbek aktiwisti Askarowyň ömürlik türme tussaglygyny dikeltdi


Etnik özbek aktiwisti Azimjan Askarowyň sud diňlenişigi, Bişkek, 24-nji ýanwar, 2017.

Gyrgyzystanyň sudy etnik özbek aktiwisti Azimjan Askarowyň ömürlik türme tussaglygyny dikeltdi.

Bişkegiň Çui regionynyň sudy 24-nji ýanwarda geçiren diňlenişiginde Askarowy 2010-njy ýylda ýerli özbekleriň we gyrgyzlaryň arasyndaky adam pidaly çaknyşyklaryň dowamynda etniki ýigrenji tutaşdyrmakda we bir polisiýa ofiseriň öldürilmegine gatnaşykda günäli tapdy.

66 ýaşly Askarow suduň kararyna protest bildirip, açlyk yglan etjekdigini mälim etdi.

Onuň aklawçysy suduň kararyndan Baş suda şikaýat etjekdigini aýtdy.

Askarowy gorap çykyş eden gyrgyz aktiwisti Tolekan Ismailowa suduň çykaran hökümini “syýasy karar” diýip atlandyrdy.

Iýul aýynda Baş sud Askarowa 2010-njy ýylda çykarylan karary ýatyryp, onuň işine degişli “täze ýagdaýlaryň döremegi sebäpli” oňa gaýtadan garalmagy tabşyrypdy.

Baş suduň karary BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň Askarowyň eden-etdilikli tussag edilip, gynamalara sezewar bolandygyny we onuň hak-hukuklarynyň depelenendigini aýdyp, Gyrgyzystany Askarowy boşatmaga çagyrmagynyň yzýanyna gabat gelipdi.

Özüne ýöňkelen aýyplamalary syýasy matlaply diýip atlandyran Askarowyň işi 4-nji oktýabrda gaýtadan diňlenip başlanypdy.

2010-njy ýylyň aprel aýynda prezident Kurmanbek Bakiýewiň döwlet başyndan çetleşdirilmeginiň yzýany Gyrgyzystanyň günortasynda dörän etnikara zorluklar zerarly esasan etnik özbeklerden bolan 450-den gowrak adam wepat boldy we onlarça müň adam öz öýlerini terk edipdi.

XS
SM
MD
LG