Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada ok atyşygyň bes edilmegine gözegçilik mehanizmini döretmek barada ylalaşyldy


Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrunda geçirilen duşuşygyň jemleri, Astana, 24-nji ýanwar, 2017
Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrunda geçirilen duşuşygyň jemleri, Astana, 24-nji ýanwar, 2017

Orsýetiň, Türkiýäniň we Eýranyň resmileri Gazagystanyň paýtagtynda geçiren duşuşygynda Siriýada ok atyşygyň bes edilmegine gözegçilik etmegiň mehanizmini döretmek barada ylalaşdylar.

Astanada geçirilen iki günlük duşuşygyna Siriýanyň hökümetiniň we oppozision toparlarynyň wekilleriniň göni bolmadyk gepleşikler arkaly gatnaşmagy Siriýada ok atyşygy bes etmek barada dekabrda gelnen ylalaşygyň berkidilmegine umyt döretdi.

24-nji ýanwarda edilen beýannamada Eýran, Orsýet we Türkiýe ok atyşygyň bes edilmegine “onuň doly berjaý edilmegine kepil geçmek ... we islendik prowokasiýanyň hem ok atyşygyň bes edilmeginiň ähli şertlerini kesgitlemek üçin” bilelikde gözegçilik ederler diýilýär.

Astanadaky duşuşygyň netijesinde edilen beýannamada şeýle-de aýdylyşyna görä, üç ýurt oppozisiýanyň 8-nji fewralda Ženewada geçirilmegi planlaşdyrylýan indiki gepleşiklere gatnaşmagyna goldaw bererler.

XS
SM
MD
LG