Dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň ýaýramagynyň derejesi boýunça täze halkara hasabatynda Türkmenistan iň korrumpirlenen ýurtlarynyň hatarynda agzaldy.
“Transparency International” guramasynyň 2016-njy ýyl boýunça “Korrupsiýany görkeziji indeksi” atly hasabatda Türkmenistan 176 ýurduň içinde 154-nji setirde ýerleşdirilipdir.
Hasabatda ýurtlarda korrupsiýanyň kök urmagynyň derejesine 100 ball esasynda baha berilip, Türkmenistana berilen baha Zimbabwe bilen deň bolup, 22 balldan ybarat.
“Transparency International” guramasynyň 2016-njy ýyl boýunça hasabatynda korrupsiýanyň we deňsizligiň arasyndaky arabaglanyşyk nygtalýar we jemgyýetde häkimiýet, baýlyk taýdan deňagramlylygyň bolmazlygynyň we korrupsiýanyň bir-birini güýçlendirýändigi bellenýär.