Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda türkmenistanly jeňçi tutuldy


Tutulan türkmenistanly öz adyny Abdylmetin Ata Muhammet ogly diýip tanadypdyr

Owganystanyň Serful welaýatynyň häkimi Muhammet Zahyr Wahdat merkezi aziýaly jeňçileriň hereket edýändigini aýtdy. Ol welaýatyň Kaplatun atly obasynda tutulan jeňçileriň biriniň Türkmenistanyň raýaty bolandygyny mälim etdi.

“Türkmenistanly jeňçiniň Demirgazyk Owganystana gelenine ep-esli wagt bolupdyr. Tutulanlaryň beýlekisiniň Gazagystanyň raýatydygy deslapky derňewde ýüze çykypdyr. Tutulan daşary ýurtly terrorçylar ýerli ýaraglylara harby ugurdan tälim berýärdi. Olar janyndan geçýän hüjümçileri terbiýeleýärdi” diýip, häkim Muhammet Wahdat aýdýar.

Owganystanda türkmenistanly jeňçileriň bardygy birinji gezek resmi taýdan beýan edildi. Häkimiň aýtmagyna görä, tutulan türkmenistanly öz adyny Abdylmetin Ata Muhammet ogly diýip tanadypdyr. Ol özüniň Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysydygyny aýdypdyr.

“Abdylmetin Pakistanyň Weziristan sebitinde-de ýaşapdyr. Ol ýerde terror hüjümlerini amala aşyrmak boýunça tälim alypdyr. Abdylmetin Eýrana-da gidip gelýän eken. Ol ençeme dilde gürläp bilýär. Onuň uruşda taplanan jeňçidigi anyklandy. Owganystana jihäd etmek üçin gelendigini ol boýun aldy” diýip, häkim Muhammet Zahyr Wahdat nygtady.

Serful welaýatynyň Welaýat geňeşiniň başlygy, deputat Muhammetnur Rahmany hem tutulan jeňçileriň biriniň türkmenistanly bolandygynyň derňewde anyklanandygyny aýtdy. Onuň ýanyndan Türkmenistanyň raýaty bolandygyny görkezýän dokumentleriň tapylandygyny deputat belledi.

Türkmenistanly jeňçileriň Demirgazyk Owganystanda hereket edýändigi barada öňem myş-myş habarlar döräpdi. Ýöne ony owgan resmileri tassyklamandy. Türkmenistanly jeňçileriň Owganystanda bardygy ilkinji gezek resmi taýdan açyklandy.

Emma Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasy tutulan jeňçiniň Türkmenistanyň raýaty däldigini aýdýar. Bu barada ýalňyş maglumat ýaýradylandygyny ilçihana öňe sürýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG