Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň DIM-i Täjigistanyň demir ýol planlaryndan nägilelik bildirdi


Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň türkmen-owgan serhedindäki Akina atly ýerine barýan bölegi, 2016.
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň türkmen-owgan serhedindäki Akina atly ýerine barýan bölegi, 2016.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni ýaýradan beýannamasynda, Täjigistanyň demirýol pudagynyň ýokary derejeli resmisiniň Orsýete tarap demirýoly Türkmenistandan sowa gurmak barada eden çykyşyna nägilelik bildirdi.

Resmi Aşgabat Täjigistanyň Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden, Orsýete täze demirýoly çekmek plany barada Täjigistanyň we Özbegistanyň resmi toparlarynyň geçiren gepleşiklerine özi gatnamasa-da, agzalan plan dogrusynda "düşünişmezlik" sözüni ulandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Täjigistanyň demirýollarynyň başlygy Usmon Kalandarowyň Türkmenistandan sowa geçýän demir ýoluň ýolagçylaryň gatnawyny, bahasyny we wagtyny tygşytlap, ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer diýip aýdan sözlerini halamadyk bolmagy ähtimal.

DIM öz beýannamasynda täjik resmisiniň sözüni "etika gabat gelmeýän" we "dostlukly däl" diýip atlandyrdy.

"Täze demirýolyň "Türkmenistandan sowulyp" gurulmagy barada aýdanda ýokary wezipeli resminiň ýokary döwlet derejesinde gelnen ylalaşyklary ýatdan çykarana meňzeýär” diýlip, beýannamada bellenýär we Türkmenistanyň “agyr döwürlerde doganlyk täjik halkyna beren ýardamy” agzalýar.

“Hut iki ýurdy baglaşdyrýan demirýol marşrutlary arkaly türkmen tarapy tebigy betbagtçylyklar zerarly ýa-da adaty bolmadyk howa şertleri sebäpli ejir çeken adamlaryň zerurlyklary üçin, gerekli ynsanperwer ýüklerini ençeme gezek ýollapdy” diýlip, DIM-niň resmi beýannamasynda aýdylýar.

Käbir synçylaryň pikirine görä, türkmen DIM-niň nägileligine Aşgabadyň we Düşenbäniň gatnaşmagyndaky beýleki demirýol proýektleriniň şu çaka çenli sorag astynda galýandygy bilen bagly bolmagy mümkin.

Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brus Paniýer şeýle diýýär:

“Meniň pikirimçe, bu belli bir derejede Türkmenistanyň Owganystan we Täjigistan bilen arasynda gurulýan demirýol proýektine degişli. Eger Täjigistan Özbegistan we Gazagystan bilen alternatiw demirýoly durmak barada ylalaşsa, Duşenbäniň türkmen-owgan-täjik demir ýolunyň gurluşygyny tamamlamaga isleginiň ýitmezliginden Aşgabadyň howatyrlanýan bolmagy ähtimal. Umuman, bu proýektiň geljegine köp şübhe bildirilýär, sebäbi onuň uly bölegi Demirgazyk Owganystanyň üstünden geçmeli. Emma Türkmenistan Aşgabadyň we Duşenbäniň bu proýekte halkara maliýe guramalarynyň öňünde itergi berip biljegine umyt baglaýar. Şonuň üçin Aşgabat Demirgazyk Owganystandan geçmeli demir ýola Duşenbäniň gyzyklanmasynyň gaçmagyndan howatyrlanýar. Hut şu sebäpden Türkmenistan özüni kemsinen we aldanan şekilli duýan bolmagy mümkin” diýip, bilermen belledi.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji bölegi geçen ýylyň noýabr aýynyň aýagynda açylypdy. 88 kilometrlik demir ýoluň 85 kilometri Türkmenistanyň içinden geçýär we galan üç kilometri Owganystanyň territoriýasyndan Akina atly ýere çenli çekildi. Demir ýoluň bu bölegini Türkmenistan öz hasabyna gurdy. Proýekte laýyklykda demirýoluň galan bölegi Täjigistana barýança Demirgazyk Owganystanyň Andhoý, Mazar-i-Şerif we beýleki welaýatlarynyň üstünden, ýüzlerçe kilometrlik giňişlikden çekilmeli.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaradan resmi beýannamasy bilen bir wagtda ýurduň resmi mediasy prezident Berdimuhamedowyň Özbegistanyň wise-premýeri, “Özbek demirýollarynyň” baştutany Açylbaý Rahmatow bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi. Rahmatowyň baştutanlygynda Aşgabada sapar edýän özbek delegasiýasy hökümetara türkmen-özbek komissiýasynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşar.

Prezident Yslam Kerimowyň aradan çykmagyndan soňky aýlarda Özbegistanyň we Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şol sanda transport ugrundan ösüp başlady.

Özbegistanyň häzirki prezidenti Şawkat Mirziýaew ähli goňşy ýurtlar, şol sanda Türkmenistan we Täjigistan bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaga isleg görkezýär.

XS
SM
MD
LG