Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet Dumasy maşgaladaky zorluk üçin jezany gowşatmagy goldady


Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maslahaty, Moskwa
Orsýetiň Döwlet Dumasynyň maslahaty, Moskwa

Orsýetiň Döwlet Dumasy maşgaladaky zorlugyň ençeme görnüşleri babatynda göz öňünde tutulan jerimeleri çürt-kesik gowşatmak baradaky dawaly kanunyň taslamasyny kabul etdi.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň we maşgalalary goldamak boýunça iş alyp barýan toparlaryň ýiti tankytlaryna garamazdan, Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýüniň agzalary kanunyň taslamasyny 380 ses bilen goldadylar, üç adam garşy çykdy.

Kanunyň taslamasy parlamentiň ýokarky öýi Federasiýa Geňeşiniň garamagyna we yzýany prezident Wladimir Putiniň gol çekmegine berler.

Maşgala agzasyna birinji gezek sütem eden adam babatynda jerime salmak, jemgyýetçilik işlerine çekmek ýa-da 15 günlük tussaglyga höküm etmek ýaly çäreler görler, ozalky jeza uzak möhletli türme tussaglygyny göz öňünde tutupdy.

27-nji ýanwarda parlamentiň öňünde protest geçiren maşgalalary goraýjy toparlaryň aktiwisti Anna Popowa kanunyň maşgaladaky zorlugyň pidalaryny has goragsyz edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG