Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew, dekabrda geçirilen referendumda kabul edileninden soň, konstitusiýa düzedişleriniň kanuna öwrülmegi üçin gol çekdi.
Bişkekde 27-nji ýanwarda guralan gol çekiş dabarasyna kanun çykaryjylar, hökümet agzalary, Ýokary suduň başlygy gatnaşdy.
11-nji dekabrda geçirilen referendumda tassyklanan 26 düzedişiň arasynda prezidentiň esasy ygtyýarlyklaryny premýer-ministre geçirýän, esasan musulmanlardan ybarat post-sowet ýurdunda bir jynsdan bolan adamlaryň nikalaşmagyny bikanun hasaplaýan düzedişler hem bar.
Atambaýewiň garşydaşlary bu düzedişleri tankyt etdiler. Olar bu düzedişleriň, 2017-nji ýylyň güýzünde ýedi ýyllyk prezidentlik möhleti tamam bolandan soň, Atambaýewiň häkimiýetde galmagy üçin girizilýändigini güman edýärler.
Gyrgyzystanyň häzirki konstitusiýasy 2010-njy ýylda, köpçülikleýin protestler prezident Kurmanbek Bakiýewi häkimiýetden çetleşdirenden soň kabul edildi. gyrgyzystan Merkezi Aziýada prezidenti diňe bir möhlete saýlaýan ýeke-täk ýurt bolup durýar.