Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar prezident saýlawyndan nämä garaşýar?


Aşgabat, Parlament saýlawlarynda ses berýän ene. 15-nji dekabr, 2013.
Aşgabat, Parlament saýlawlarynda ses berýän ene. 15-nji dekabr, 2013.

Türk metbugaty türkmenistanly raýatlaryň 12-nji fewralda Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawynda ses berip bilmegi üçin mümkinçilikleriň dörediljekdigini habar berdi.

Eýsem, Türkiýedäki, Ýewropadaky türkmen migrantlary we studentleri Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawy barasynda nähili pikirde? Olar prezidentlik saýlawyna gatnaşyp, ses bermekçimi?

Şeýle-de, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky raýatlary nobatdaky prezidentlik saýlawyndan nämä garaşýarlar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Türkiýedäki we Ýewropadaky türkmen raýatlarynyň prezidentlik saýlawy barasyndaky garaýyşlaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, öz pikirleriňizi we tejribeleriňizi aşakdaky forumda teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz.

Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar Prezident saýlawyndan nämä garaşýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

XS
SM
MD
LG