Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trudeau: ABŞ-a goýberilmedik bosgunlar Kanada gelsin


 Justin Trudeau
Justin Trudeau

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau Birleşen Ştatlara goýberilmedik bosgunlaryň Kanada gelip biljekdiklerini aýtdy.

"Yzarlanmadan, terrordan we uruşdan gaçýanlar, kanadalylar sizi dini ynançlaryňyza garaman garşy alar. Dürlilik biziň güýjümiz. Kanada hoş geldiňiz" diýip, Trudeau 28-nji ýanwarda twitterde ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň käbir musulman ýurtlaryndan bosgun kabul etmegi wagtlaýyn togtatmagyna reaksiýa bildirip aýtdy.

Premýer-ministriň edarasy onuň Tramp bilen Kanadanyň bosgun syýasatynyň üstünligi barada gürleşmegi planlaşdyrýandygyny habar berdi.

Kanada Siriýadan häzirki konfliktden gaçan 40 müň töweregi bosguny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG