Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kwebek: Polisiýa metjide edilen hüjümde alty adamyň wepat bolandygyny aýdýar


Kwebek şäheriniň yslam medeni merkezine edilen hüjümiň yzýany, Kanada, 29-njy ýanwar, 2017

Kwebek şäheriniň polisiýasy ýerli metjitde dini ybadatyň geçýän wagtynda bolan ok atyşykda alty adamyň wepat bolandygyny we sekiz adamyň ýaralanandygyny aýdýar. Häkimiýetler bu ok atyşygy “musulmanlara garşy edilen terrorçylykly hüjüm” diýip atlandyrdylar.

Kwebegiň regional polisiýasynyň metbugat wekili Kristine Koulombe 29-njy ýanwarda bolan hüjümde güman edilýän iki adamyň yzýany Kwebek şäheriniň yslam medeni merkezinde tussag edilendigini habar berdi. Bu ýerde 50 çemesi musulman namaza jemlenipdi.

Öňüsyrasynda Reuters habar agentligi bir şaýada salgylanyp, hüjüme üç adamyň gatnaşandygyny habar beripdi.

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau hüjümi ýazgaryp, ony “musulmanlara garşy terrorçylykly hüjüm” diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG