Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp syýahatçylyk gadagançylygy 'musulmanlara garşy däl' diýýär


Donald Trampyň immigrasion gadagançylygy baradaky kararyna garşy protest aksiýasy, Çikago, 28-nji ýanwar, 2017.
Donald Trampyň immigrasion gadagançylygy baradaky kararyna garşy protest aksiýasy, Çikago, 28-nji ýanwar, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlary üçin syýahatçylygy wagtlaýyn ýatyrmak baradaky kararyny gorap çykyş etdi we onuň “musulmanlara garşy gadagançylyk” däldigini aýtdy.

Tramp 29-njy ýanwarda eden çykyşynda Birleşen Ştatlar ähli ýurtlara wizalary bermegini “has howpsuz syýasat” ýola goýlansoň dowam etdirer diýdi.

Tramp ýurdy “daşary ýurtly terrorçylardan” goramagy wada berip, 27-nji ýanwarda hökümet kararyna gol çekdi we ABŞ-nyň bosgunlar programmasyny 120 günlük togtatdy, siriýaly bosgunlaryň ýurda barmagyny takyk bolmadyk wagt möhletli ýatyrdy we esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlarynyň syýahatçylygyny 90 günlük togtatdy.

Bu karar Birleşen Ştatlarda tutuş ýurt boýunça protestleri tutaşdyrdy, kanun çykaryjylaryň ençemesinde garşylyk döretdi.

XS
SM
MD
LG