Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Türkmenistan bilen gaz barada gepleşiklerine taýýardygyny aýdýar.


Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) müdiri Hamid Reza Aragi

Eýranyň ýokary derejeli energiýa resmisiniň halkara arbitražynda Türkmenistana garşy iş gozgamakdan el çekip, täze gaz ylalaşygy barada gepleşiklere başlamaga taýýardygyny eýran metbugaty habar berýär. Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) müdiri Hamid Reza Araginiň aýdanlaryna salgylanyp, berilýän maglumatlarda Tähranyň ozalky ylalaşyklary güýçsüz hasap edýändigini, sebäbi türkmen tarapynyň şu aýda gaz akdyrmagyny bes edip ony bozandygyny belleýärler.

Şeýle-de eýran metbugatynyň maglumatynda eýran tarapynyň Aşgabadyň Tährana gaz akdyrmagyny kesip, ozalky ylalaşygyny bozandygyny kompensirlemegine garaşýandygy aýdyldy.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hamid Reza Aragi 24-nji ýanwarda geçirilen metbugat konferensiýasynda Türkmenistanyň ýylyň başynda Eýrana akdyrýan gazyny kesmegi bilen baglylykda Tähranyň “Türkmengaz” kompaniýasy babatynda kanun taýdan çäre görmäge başlajagyny mälim etdi.

Mundan öň Türkmenistan Eýranyň türkmen gazy üçin 2 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdypdy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň DIM-i türkmen-eýran gaz dawasy boýunça iki gezek resmi beýannama ýaýradyp, eýran tarapyny meseläni “syýasylaşdyrmazlyga” çagyrdy we eýran tarapyny 2013-nji ýyldan bäri öň akdyrylan gaz üçin bergisini üzlüşmek ugrunda “zerur tagalla etmezlikde” aýyplapdy.

Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky gaz söwdasy 1997-nji ýylda baglaşylan ylalaşygyň esasynda amala aşyrylýar.

Käbir maglumatlarda Eýranyň 2006-2016-njy ýyllarda Türkmenistandan jemi 74.35 milliard kubometr gazy satyn alandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG