Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: ABŞ Eýranyň raketa synagy boýunça gyssagly maslahata çagyrdy


BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi, Nýu Ýork, ABŞ.

31-nji ýanwarda BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi Birleşen Ştatlaryň talaby bilen Eýranyň ballistik raketasynyň synagy boýunça gyssagly maslahatyny geçirmegi planlaşdyrýar.

“Eýranyň 29-njy ýanwarda orta aralyga niýetlenen ballistik raketasyny synamagy bilen baglylykda Birleşen Ştatlar Howpsuzlyk Geňeşinde gyssagly konsultasiýalary geçirmegi sorady” diýip, ABŞ-nyň missiýasy 30-njy ýanwarda habar berdi.

ABŞ-nyň täze ilçisi Nikki Haleýiň geçen hepdede wezipesine geçmeginden soň Waşington tarapyndan ilkinji gezek talap edilýär.

ABŞ-nyň resmileri Eýranyň “ýadro ýaragyny götermäge niýetlenen” raketalary öndürmek gadagançylygyny bozmagyna degişli BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde soňky barlagyň geçirilmegini isleýändigini aýtdylar.

Eýran bu çäklendirmeleri yzygiderli bozup gelýär.

Ysraýyl hem Howpsuzlyk Geňeşini Eýrany jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. Geçmişde Eýran Orsýetiň we Hytaýyň goragyna daýanypdy. Moskwa we Pekin Tähran babatyndaky islendik sanksiýalary böwetläp gelýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG