Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainada ýokary derejede dartgynlylyk saklanýar


ÝHHG-niň synçylary ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşýarlar, Ukrainanyň hökümetiniň gözegçiligindäki Awdiýiwka şäherçesi, 30-njy ýanwar, 2017.

Gündogar Ukrainada soňky günlerde hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky söweşleriň tutaşmagy zerarly ýokary derejede dartgynlylyk saklanýar.

Hökümet güýçleriniň gözegçiligindäki Awdiýiwka şäherçesiniň daşynda zorlugyň tutaşmagynda taraplar bir-birini aýypladylar. Bu söweşler zerarly adam pidalarynyň sany dekabryň ortalaryndan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

Ukrainanyň harbylary 24 sagadyň dowamynda üç esgeriniň wepat bolandygyny aýtdylar. Bu sanyň 30-njy ýanwarda wepat bolan üç esgeri öz içine alyp-almaýandygy nämälim galýar. Şeýle-de hökümet güýçleri 24 esgeriň ýaralanandygyny aýtdylar, emma parahat ýaşaýjylaryň arasynda heläk bolanlaryň sanyny takyklaşdyrmadylar.

Separatistler ok atyşygyň öz gözegçiligindäki Donetsk şäherine täsir ýetirendigini we elektrik stansiýasyna zeper ýetirip, Zasýadko kömür käniniň elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini we 200 magdançynyň onuň içinde galandygyny aýtdylar.

Şol bir wagtyň özünde-de regionyň ýolbaşçysy Pawlo Žebriwskiý öz edarasynyň Awdiýiwka şäherinden müňlerçe adamy ewakuasiýa etmek boýunça planyň üstünde işleýändigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG