Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan güýçleriniň ýurda gözegçiligi geçen ýylkysyndan gowşady


Owganystanyň prezidentiniň birinji orunbasary Abdul Reşit Dostum

Owgan güýçleri 2014-nji ýylyň aýagynda NATO-nyň goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagyndan soň gozgalaňçylaryň basyşy astynda ýurduň giňişliklerini elden bermegini dowam etdirýärler, diýip ABŞ-nyň synçy guramasy 1-nji fewralda aýtdy.

Owganystany dikeltmek boýunça ýörite gözegçisiniň (SIGAR) hasabatynda noýabryň ortalarynda hökümet güýçleriniň ýurduň 407 etrabynyň 57.2% gözegçilik edendigi, bu görkezijiniň awgust aýy bilen deňeşdirilende 6.2%, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15% azalandygy aýdylýar.

Häzirki wagtda Owganystanyň 9.2 million ilaty “dawaly giňişliklerde ýaşaýar” diýlip, hasabatda aýdylýar we 2.5 million çemesi ilatyň gozgalaňçylaryň gözegçiliginiň astyndaky territoriýada ýerleşýändigi bellenýär.

BMG 2016-njy ýylda owganlaryň 640 müň çemesiniň öz öýlerini terk edendigini habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG