Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gündogar Ukrainadaky söweşlerde pidalaryň köpelýändigi aýdylýar


Ukraina, halas ediş işgärleri ewakuasiýa edilen adamlara nahar berýärler. 1-nji ýanwar, 2017 ý.

Ukraina bir esgeriniň ýurduň gündogarynda, hökümet güýçleri bilen Orsýetiň goldaýan separatistleriniň arasynda soňky dört günde möwjän söweşlerde öldürilendigini aýdýar.

Ukrainanyň harby güýçleri 1-nji fewralda soňky 24 sagatda ýene dokuz harby gullukçynyň, bir asuda adamyň ýaraly bolandygyny habar berdi.

Ukrain resmileri soňky birnäçe günde ýedi esgeriň öldürilendigini, munuň soňky hepdelerde iň uly ýitgi bolandygyny aýtdylar.

Taraplar hökümet kontrollygyndaky Awdiýiwka şäherçesiniň töweregindäki duşmançylygyň gaýtadan möwç almagynda bir-birini günäkärleýärler.

Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň bir resmisi Wladislaw Husinskiý 1-nji fewral säheri 175 adamyň, şol sanda 88 çaganyň awtobuslar bilen golaýdaky şäherlere ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Separatistleriň mesgeni bolan Donetskden demirgazykda ýerleşýän şäheriň ýaşaýjylarynyň köpüsi topa tutmalar zerarly toksuz, suwsuz we aýazly gyş howasynda ýyladyşsyz galdy.

AP habar gullugy Donetskiniň ýaşaýjylaryna salgylanyp, gije we irden şähere atylýan we şäherden atylýan toplaryň oklarynyň arasynyň kesilmändigini habar berýär.

Separatistler Donetskde we goňşulykdaky Makiýiwka şäherinde iki sany asuda adamyň öldürilendigini, beýleki biriniň ýaraly bolandygyny aýtdylar.
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi 31-nji ýanwarda gündogar Ukrainadaky «howply beterleşmeden» «çuňňur alada» bildirdi we zorluk-sütemiň bes edilmegine çagyrdy.

Ukrainany, Orsýeti we ÝHHG-ny öz içine alýan üç taraply aragatnaşyk toparynyň, emele gelen krizisi ara alyp maslahatlaşmak üçin 1-nji fewralda, Minskde duşuşmagyna garaşylýar.

2015-nji ýylyň fewralynda belarus paýtagtynda gol çekilen ýaraşyk ylalaşygy gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 9,750-den gowrak adamy öldüren konflikti soňlamak üçin çäre görülmegine çagyrdy.

Kiýew we Moskwa konfliktiň soňky ýitileşmesinde bir-birini günäleýär. Ukrainanyň Daşary işler ministrligi 31-nji ýanwarda muny Orsýetiň «Minskde öz üstüne alan borçlaryny göz-görtele äsgermezlik etmeginiň açyk dowam etmesi» hökmünde häsiýetlendirdi.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 1-nji fewralda çykyp gürläp, duşmançylygyň gaýtadan möwjemegine Orsýetiň we separatistleriň günäkärdigi baradaky aýyplamalary ret etdi hem-de Kiýewi, öz sözleri bilen aýdylsa, «prowakatiw hereketlerini» bes etmäge çagyrdy.

Peskow duşmançylygyň möwjedilmeginiň «Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gepleşikleriniň haýal etmezden dikeldilmek zerurlygynyň hem subutnamasy bolup görünýändigini» belledi.

Orsýet-ABŞ gatnaşyklary Moskwanyň Ukrainadaky agressiýasy, onuň Siriýadaky hereketleri, ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň amerikan saýlawlaryna döwlet gönükdirmesi esasynda gatyşylmasy diýýänleri sebäpli berk dartgynlaşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýet bilen gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna çagyrdy, Ak tam we Kreml bolsa, 28-nji ýanwarda Tramp bilen rus prezidentini Wladimir Putiniň arasynda geçirilen söhbetdeşligiň pozitiw alamat bolandygyny aýtdylar.

Düýpli subutnamalaryň bardygyna garamazdan, Orsýet Kiýewiň, NATO-nyň we Günbatar hökümetleriniň bu sebitde separatizme meçew berýändigi, separatistleri goldamak üçin Ukraina goşun we ýarag iberendigi barada aýdýanlaryny ret edýär.

ÝB, ABŞ we beýleki döwletler bu konflikt, şeýle-de 2014-nji ýylyň martynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edendigisebäpli Orsýete garşy sanksiýa girizdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG