Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG: Ukrain ilçisi ABŞ-nyň Krym boýunça pozisiýasyny tassyklandygyny aýtdy


Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Wolodymyr Ýelçenko, Nýu Ýork, 1-nji fewral, 2017.

Ukrainanyň BMG-däki ilçisi öz ýurdunyň territorial bütewüliginiň we garaşsyzlygynyň Trampyň administrasiýasy tarapyndan doly goldanýandygyny we onuň Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini hiç wagtda ykrar etmejegini aýtdy.

1-nji fewralda Nýu Ýorkda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Wolodymyr Ýelçenko ABŞ-nyň “Orsýetiň Ukrainanyň gündogar bölegi boýunça çemeleşmek usulyna doly garşydygyny” ýurduň BMG-däki ilçisi Nikki Haley tarapyndan aýdylandygyny mälim etdi.

“Ol ABŞ-nyň Krym boýunça pozisiýasyny tassyklap, anneksiýanyň hiç wagtda kabul edilmegini aýtdy” diýip Ýelçenko belledi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen ýylda wezipä dalaş eden döwründe “ABC News” agentligine beren interwýusynda Krym meselesine “seretjekdigini” belläp, “Krymyň halky, meniň eşidişime görä, öňküsine garanda Orsýet bilen bolmaga has ýykgyn edýär, siz muny hasaba almaly” diýipdi.

Ýelçenko Trampyň administrasiýasynyň Orsýet bilen has ýakyn gatnaşygy ýola goýmak meselesine seretmeginiň Ukraina täsir ýetirmejegini belledi.

ABŞ-nyň BMG-däki missiýasynyň ýolbaşçysy Nikki Haley öz ýurdunyň Ukrainanyň territorial bütewüligine goldaw bildirýändigini tassyklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG