Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gündogar Ukrainada iki esgeriň wepat bolandygy habar berilýär


Gündogar Ukrainanyň Awdiýiwka şäheri, 1-nji fewral, 2017.

Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda bäş gün bäri dowam edýän agyr söweşlerde iki esgeriň wepat bolandygy habar berilýär.

Harbylaryň 2-nji fewralda aýtmagyna görä, 24 sagadyň dowamynda 10 esger ýaralanypdyr.

Ukrainanyň resmileri soňky birnäçe günüň dowamynda sekiz esgeriň wepat bolandygyny habar beripdi.

Separatistleriň gözegçiligindäki Donetsk şäherinde separatistler 1-nji fewralda bolan ok atyşykda iki sany parahat ýaşaýjynyň ýaralanandygyny aýtdylar.

2-nji fewralda Donetsk şäheriniň demirgazyk böleginde suw üpjünçiliginiň we ýyladyş sistemasynyň belli bir böleginiň dikeldilendigi habar berildi.

Gündogar Ukrainadaky konflikt zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 9.750 adam wepat boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG