Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dermanlar, sanjym iňňeleri gymmatlaýar


Illýustrasiýa

2017-ýylyň ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda döwlete degişli dermanhanalarda hem, hususy dermanhanalarda hem, dermanlaryň bahasy ýokarlandy.

Mundan iki aý ozal hususy dermanhanalarda bahasy 59 manat bolan sanjymlyk ‘Mildronat” dermany häzir 68 manada durýar. Sanjymlyk ‘Serabrelizin’ dermany ozal 104 manat bolsa, ol häzir 123 manada durýar. Sanjymlyk ‘Aktiwigen’ dermany ozal 67 manat bolsa, ol häzir 132 manat. Däne görnüşli ‘Ostalon’ dermany ozal 82 manatdy, indi 94 manada durýar.

“Hususy dermanhanalarda satylýan dermanlar soňky iki aýda ortaça 10 göterim ýokarlandy. Ýöne geçen ýylyň başy bilen deňeşdireniňde, käbir dermanlaryň bahasynyň iki esse ýokarlanandygy hem görünýär” diýip, näsaglar aýdýarlar.

Aşgabadyň saglyk öýlerinde näsaglar üçin saglyk ätiýaçlyk pasporty bilen ýeňillikli bahadan berilýän dermanlaryň sanawy bar.

“Lukmanlara ýüz tutan halatyňda, sanawa girýän dermanlara resept ýazyp berýärler. Ýöne ol dermanlaryň köpüsi döwlete degişli dermanhanalarda tapdyrmaýar” diýip, 75 ýaşly aşgabatly Gözel daýza aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, ‘Aktiwigen’, ’Serabrelizin’ dermanlaryna ýazylan reseptler bilen Aşgabadyň döwlete degişli ähli dermanhanalaryna aýlanyp çykypdyr. Emma bir aý bäri bu dermanlaryň satuwda ýokdygy barada jogap alýandygyny ol aýdýar.

“Döwlete degişli dermanhanalara baranyňda, soran dermanyň ýokdugny aýdyp, ýene-de 2-3 hepdeden bolaýmagy ähtimal diýen jogaby berýärler. Emma 2-3 hepdäňe kesel garaşyp durmaýar. Keseliňi ötüşdirmejek bolsaň, hususy dermanhanalara baryp, bu dermanlary gymmat bahasyndan satyn almaly bolýarsyň.

Gymmat bahasyndan almaga bolsa ýagdaýyň ýetip duranok. Onsoň, haýsam bolsa bir dermanyňy alýarsyň, indiki dermanyňy ýene-de bir aýdan pensiýaň gelerine goýmaly bolýarsyň, sebäbi bir görnüşli derman üçin alýan pensiýaň ýarsy diýen ýaly gidýär. Galanjasyna-da iýmek-içmek gerek, şeýdip geregiçe bejergi alyp bilmän keselmizi ötüşdirmäge mejbur bolýarys” diýip, pensionerler aýdýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda 250-300 manat möçberde pensiýa alýan pensionerleriň sanynyň köpdügi aýdylýar. Pensiýalar 10 göterim galdyrylany bilen, gymmat bahaly dermanlar hem 10 göterim galdyrylsa, pensionerler üçin munuň ara-tapawudynyň juda äşgär duýulýandygy aýdylýar.

Gözel daýzanyň aýtmagyna görä, diňe bir dermanlar däl, sanjym üçin ulanylýan iňňeler hem gymmatlapdyr. Ozal 30 teňňä durýan iňňeler häzir 50-70 teňňe aralygynda satylýar.

Özem geň galdyrýan zat, şol bir iňňäniň bahasy Aşgabadyň döwlete degişli dermanhanalarynda birmeňzeş bahadan satylmaýar. 10-luk sanjymlyk iňňesini 4-nji dermanhanadan 50 teňňeden satyn alandygyny, emma 25-nji dermanhanadan 70 teňňeden satyn almaly bolandygyny Gözel daýza aýdýar.

Döwlet dermanhanalarynda sanjym iňňeleriň bahalarynyň tapawutlydygynyň sebäbini soranda, 25-nji dermanhananyň satyjylary oňa bahanyň gymmatlandygyny aýdypdyrlar.

Hususy dermanhanalaryň satyjylary dermanlaryň gymmatlamagynyň sebäplerini dollaryň gara bazardaky bahasynyň galýandygy bilen düşündirýärler. Emma döwlet ýolbaşçylary hususy telekeçileriň goldanylýandygy, olar üçin konfertasiýanyň açyklygy barada telewidenýede häli-şindi mahabatly gepleşikleri berýärler. Bu ýerde kime ynanmaly, mahabatly gepleşikleremi ýa-da dermanhananyň işgärlerine ynanmalymy diýen, soragyň ýüze çykýandygy hem aýdylýar.

Dermanhana işgärlerniň aýdyşlary ýaly, dollaryň gara bazary hususy dermanhanalara täsirni ýetirýän bolsa, onda dollaryň gara bazarynyň döwlet tarapyndan ykrar edildigi bolýarmy diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.

Teswirleri gör (4)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG