Kremliň tankytçysy 2015-nji ýylda keselhanada düşende zäherlenendigi barada şübhe döreden simptomlaryna meňzeş alamatlar bilen ýene-de keselhana düşdi.
Wladimir Kara-Murzanyň aýaly Ýewgeniýa öz adamsynyň “iki ýyl mundan ozal ýüze çykan simptomlar bilen” 2-nji fewralda reanimasiýa düşendigini, Facebook sahypasynda ýazdy.
“Doktorlar onuň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar”, diýip Ýewgeniýa “Onuň gan basyşy örän pes, dem alyşy gowşak, munuň sebäbi ýene-de düşnüksiz ” diýip belledi.
Kara-Murza 2015-nji ýylyň 26-njy maýynda birden özüni erbet duýup, ençeme günläp agyr ýagdaýda bolupdy. Ol yzýany iki aýlap Moskwanyň we Waşingtonyň etegindäki keselhanalarda bejergi alypdy.
Kara-Murza orsýetli öňki oligarh Mihail Hodorkowskiniň hökümete degişli bolmadyk “Açyk Orsýet” (Open Russia) guramasynyň koordinatory.