Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanly Orsýetde 240 sagatlyk mejbury işlere höküm edildi


Demir ýol, Orsýet

Türkmenistanda doglan adam Orsýetde 240 sagatlyk mejbury işlere höküm edildi.

Orsýetiň “Wzglýad-info” habar agentliginiň Saratowyň transport prokurorynyň kömekçisi Ýekaterina Wolkowa salgylanyp, Saratow regionynda ýaşaýan 18 ýaşly türkmenistanlynyň “Orsýetiň demir ýollarynyň” emlägini ogurlamaga synanyşandygyny habar berdi. 25-nji noýabrda ýaş adam demirýol detallaryny görüpdir we olary demir ýygnalýan ýere tabşyrmak kararyna gelip, “Orsýetiň demir ýollary” guramasyna 113 müň rubl möçberinde zyýan ýetiripdir.

Saratowyň etrap sudy ony Jenaýat kodeksiniň 158-nji maddasynyň birinji bölegi boýunça günäli tapyp, 240 sagatlyk mejbury işlere höküm edipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG