Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pariž: Fransuz esgeriniň eli pyçakly adamy oka tutandygy habar berilýär


Polisiýa Luwr muzeýiniň daşynda gözegçilik edýär, Pariž, 3-nji fewral, 2017.

Media maglumatlaryna görä, fransuz esgeri Parižiň Luwr muzeýine eli pyçakly girmäge synanyşan adamy oka tutup, ýaralapdyr.

Dürli media serişdeleri anyklaşdyrylmadyk polisiýa çeşmelerine salgylanyp, agzalan adamyň muzeýiň aşakdaky gatynda ýerleşýän dükana girmäge synanyşandygyny habar berdiler.

Polisiýa bu hadysanyň bolan ýeriniň daşyndakylaryň ewakuasiýa edilendigini habar berdi. Içeri işler ministrligi Twitter sosial ulgamynda çap eden maglumatynda ýagdaýy “çynlakaý” diýip häsiýetlendirdi.

Reuters täzelikler agentligi polisiýanyň Muzeýiň girelgesini gabandygyny habar berdi.

Fransiýa soňky ýyllarda yslam söweşijileri tarapyndan öz üstüne alnan hüjümleriň ençemesine sezewar bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG