Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Gazpromyň” Özbegistan bilen gaz ylalaşygyny uzaltjakdygy habar berilýär


Orsýetiň gazgeçiriji sistemasy

Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy Özbegistanyň täze saýlanan prezidenti Şawkat Mirziaýewiň Moskwa etjek birinji saparynyň çäginde Özbegistandan gaz satyn almak boýunça şertnamasyny uzaltmakçy diýip orsýet mediasy habar berýär.

Maglumatda, “Gazpromyň” Türkmenistan bilen “gepleşiklerindäki problemalar goňşy Özbegistandan gaz satyn almak baradaky ylalaşygy uzaltmaga itergi berýär” diýlip bellenýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Özbegistanyň prezidenti wezipesine geçen Şawkat Mirziaýewiň Orsýete saparynyň onuň ilkinji daşary ýurt wiziti bolup, 2017-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljegine garaşylýandygy habar berildi.

Mundan öň Türkmenistan Orsýete satýan gazynyň bahasynyň tölenmeýändigini aýdyp, Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyny tölege ukypsyz, ynamdar däl hyzmatdaş diýip yglan edipdi. Iki tarapyň bir-birini aýyplamagy netijesinde, bu işi halkara arbitraž suduna baryp ýetipdi.

2016-njy ýylyň aýagynda “Gazprom” bu dawada “arakesme” alandygyny we Türkmenistan bilen gepleşikleriň dowam edýändigi aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG