Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ sudy prezident Trampyň 'syýahat gadaganlygyny' togtatdy


Trampyň garşydaşlary onuň kararynyň konstitusiýa ters gelýändigini aýdýarlar.

ABŞ sudy 3-nji fewral güni giçlik Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň bir hepde ozal çykaran hökümet kararyny, esasan musulman ilatyndan durýan ýedi ýurtdan Amerika bosgunlaryň we myhmanlaryň salynmagyna girizilen gadaganlygy wagtlaýyn duruzdy.

Seatl sudunyň karary, sud bu iş boýunça karara gelýänçä güýjünde galmak bilen, Ak tam üçin uly synaga öwrülýär.

Prezidentiň metbugat sekretary Şon Spaýser (Sean Spicer) az salym soň Trampyň hökümet karary «kanuny we ýerlikli» diýdi hem-de ABŞ-nyň Adalat departamentiniň şikaýat arkaly bu sud kararynyň güýje girmeginiň öňüni almaga çalyşjakdygyny belledi.

"Prezidentiň hökümet karary ýurdy goramak niýetinden ugur alýar we onuň amerikan halkyny goramak jogapkärçiligi babatda konstitusion ygtyýarlygy bar" diýip, Spaýser aýtdy.

Emma Seatl sudunyň sudýasy Jeýms Robart ozalky prezident Jorj W. Buş tarapyndan bellenen we öz kararyny çap edilen badyna güýje girer ýaly etdi hem-de syýahat çäklendirmelerini ýüzugruna ýatyrmalydygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Gümrük we Serhet goragy gullugy birnäçe sagat içinde bu karary berjaý etmäge girişdi hem-de uçarda ýolagçy gatnadýanlara olaryň ozal syýahat gadaganlygy esasynda saklan ýolagçylaryny indi saklaman biljekdiklerini aýtdy.

"Bu gün bu ýurtda kanunyň hökmürowanlygy jähtinden örän ajaýyp gün" diýip, Waşington ştatyndan bolan aklawçy Noah Purcell aýtdy, ol Trampyň hökümet buýrugynyň ABŞ ýaşaýjylaryny ynjydýandygyny we diskriminasiýa ygtyýar berýändigini aýdyp, suduň bu işe gatyşmagyny sorapdy.

"Bu gün konstitusiýa üstün çykdy" diýip, Waşington ştatynyň baş prokurory Bob Ferguson aýtdy. "Hiç kim, hatda prezidentem kanundan ýokary bolup bilmez."

Tramp özüniň 27-nji ýanwarda gol çeken hökümet kararyny milli howpsuzlyk nukdaý nazaryndan esaslandyrmaga çalyşdy, emma onuň garşydaşlary bu kararyň konstitusiýa ters gelýändigini we adamlaryň dini ynançlaryny nyşana alýandygyny aýdýarlar.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 3-nji fewralda, irden Eýran, Yrak, Liwiýa, Somali, Sudan, Siriýa we Ýemen raýatlary üçin ozal çap edilen 60 müňden sähel azwizanyň Trampyň hökümet karary esasynda ýaramsyz edilendigini aýtdy.

Içerki howpsuzlyk departamenti bolsa 3-nji fewralda bu hökümet kararyny eýýäm nyşana alnan ýedi musulman ýurdunyň raýatlaryndan başgalara giňeltmekplanynyň ýokdugyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG