Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz premýeri prezidentlige dalaş eder


Temir Sariýew 4-nji fewralda prezidentlige dalaş etjekdigini aýtdy.
Temir Sariýew 4-nji fewralda prezidentlige dalaş etjekdigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň öňki premýer-ministri Temir Sariýew özüniň 2017-nji ýylyň güýzünde geçiriljek prezident saýlawyna kandidaturasyny goýjakdygyny yglan etdi.

Ol bu yglany 4-nji fewralda, «Ak şumkar» syýasy partiýasynyň konferensiýasynda etdi. 53 ýaşyndaky Sariýew 2015-nji ýylyň maýyndan 2016-njy ýylyň apreline çenli premýer boldy we parlament agzalarynyň birnäçesi hökümet korrupsiýasynda aýyplanyndan soň işden çekildi.

Gyrgyzystan Merkezi Aziýada prezident möhletini bir gezek bilen çäklendiren ýeke-täk ýurt bolup durýar.

Iş başyndaky prezident Almazbek Atambaýew öz möhleti tamam bolandan soň syýasy wezipä dalaş etmejekdigini, şol sanda premýer-ministr bolmaga hem çalyşmajakdygyny açyk aýtdy.

XS
SM
MD
LG