Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus prezidenti Orsýeti 'bokurdakdan bogmakda' aýyplady


Lukaşenko 3-nji fewralda Minskde žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.
Lukaşenko 3-nji fewralda Minskde žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko Orsýeti şertnamalary bozmakda we energiýa üpjünçisi roluny ulanyp, özlerini «bokurdakdan bogmakda» aýyplady.

Lukaşenko 3-nji fewralda Minskde žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Moskwany golaýda iki ýurduň umumy serhediniň boýunça «howsuz zona» döretmek barada gelen karary üçin berk tankyt etdi.

Orsýet ozal açyk serhedini ýapmak kararyna Minsk häkimiýetleriniň onlarça ýurt bilen ýeňillikli wiza gatnaşygyna geçmek barada gelen kararyndan soň geldi.

Belarus 9-njy fewraldan 80 çemesi ýurduň raýatlaryna gysga wagtlyk sapar üçin wizasyz gelmek kepilligini berýändigini yglan etdi.Lukaşenko öz metbugat ýygnagynda Orsýetiň Belarus bilen baglaşan şertnamalaryny galam bilen çyzýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýeti özüniň nebit-gaz mümkinçiliklerini Belarusa täsirini artdyrmakda gural edip ulanmak synanyşygynda aýyplady.

XS
SM
MD
LG