Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rumyniýa halk protestlerinden soň hökümet kararyny yzyna alýar


Sorin Grindeanu

Rumyniýanyň premýer-ministri Sorin Grindeanu öz hökümetiniň käbir resmi korrupsiýa işlerini jenaýat hasaplamazlyk baradaky kararyny ýatyrýandygyny yglan etdi.

Hökümet bu karara tas bir hepdä golaý dowam eden halk protestlerinden soň geldi.

Grindeanu 4-nji fewralda hökümetiň ertir bu karary ýatyrmak üçin gün sessiýa geçirjekdigini aýtdy.

“Men Ruminiýany iki bölmek islämok” diýip, Grindeanu žurnalistlere aýtdy. “Ol iki bölege bölünip bilmez.”

Bu çäre onlarça müň adam tutuş ýurt boýunça tapgyr bäşinji gün proteste toplanandan soň görüldi.

Polisiýa 4-nji fewralda jemi 330,000 adamyň preoteste çykandygyny, munuň 1989-njy ýylda, kommunist diktator Nikolaý Çauşesku ýykylaly bäri iň uly demonstrasiýa bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG