Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda we Pakistanda düşen agyr garda 37 adam öldi


Agyr düşen garda üç günde azyndan 37 adam heläk boldy.

Owganystanda we Pakistanda düşen agyr gar zerarly 5-nji fewralda onlarça adam ölüp, esasy ýollaryň ençemesi ýapyldy.

Agyr düşen gar, buz we boran ýagmagy netijesinde Owganystanyň birnäçe sebitinde soňky üç günde azyndan 37 adam heläk boldy diýip, bir resmi 5-nji fewralda aýtdy.

Owganystanyň tebigy betbagtçylyklara garşy göreş müdirliginiň sözçüsi Omar Mohammadi ýurduň 25 welaýatynda, ölenlerden başga, 16 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Owgan paýtagty Kabula hem agyr gar düşdi we hökümet öz edaralaryny ýapandygyny aýtdy.

Owganystanyň Badahşan welaýatynyň hökümet sözçüsi Nawid Frotan hökümetiň doly aragatnaşyk kesilen 12 etrap bilen habarlaşmaga çalyşýandygyny aýtdy. Bu welaýatda agyr gar we buz ýagmasy astynda, jaýlaryň üçekleri ýykylyp, 19 adam öldi, 17 adam bolsa ýaralandy.

Demirgazyk Pakistanyň Çitral etrabynda bolsa, azyndan 9 adamyň ölüp, 14 adamyň ýykylan jaýlaryň aşagynda galandygy aýdylýar.

Polisiýa we esgerler Kabul-Kandahar ýolunda garda galan 250 çemesi maşyny we awtobusa kömege ýetişdi.

Gazni welaýatynyň sözçüsi Jawid Salangi bu ýere düşen täze garyň iki metr galyňlykda bolandygyny habar berdi.

Demirgazyk bilen merkezi Owganystany baglaýan Salang ýoly we dag geçelgesi hem ýapyldy we esasy ýoldaky gar aýrylýança petiklengi galar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG