Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putini gorap, ABŞ-nyň hem 'ganhorlary' bar diýdi


Tramp Putiniň 'ganhor' hökmünde häsiýetlendirilmegine 'bizde-de bir topar ganhor bar' diýip jogap berdi.
Tramp Putiniň 'ganhor' hökmünde häsiýetlendirilmegine 'bizde-de bir topar ganhor bar' diýip jogap berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýetiň prezidenti Wladimr Putiniň «ganhor» hökmünde häsiýetlendirilmegine Birleşen Ştatlaryň hem «bir topar ganhory bar» diýip jogap berdi.

Foks telewideniýesi tarapyndan 5-nji fewralda efire berilýän söhbetdeşligiň käbir bölekleri 4-nji fewralda halka ýetirildi. Interwýu alýan žurnalist Bill O'Reilly Trampdan onuň Putini sylap-sylamaýandygyny sorady.

"Men ony hormatlaýaryn» diýip, Tramp aýtdy.“Ýöne men köp adamy hormatlaýaryn, bu meniň onuň bilen oňuşjakdygymy aňlatmaýar» diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi. "Men Orsýet bilen oňuşmazlykdan oňşan gowy diýip pikir edýärin, eger Orsýet bize [Yslam döwleti toparynyň jeňçilerine garşy göreşde] kömek etse, bu esasy söweş..., bu gowy zat" diýip, prezident aýtdy.

"Emma ol ganhor bolsadamy? Putin ganhor ahyryn" diýip, O'Reilly aýtdy.

"Ganhor kän. Biziňem bir topar ganhorymyz bar» diýip, Tramp aýtdy we, «Näme pikir edýärsiň, biziň ýurdumyz şeýle bigünämi?» diýip sorady.

XS
SM
MD
LG