Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe YD bilen ilteşikli hasaplanýan 440 adamy tussag etdi


Türk polisiýasy barlag geçirýär.
Türk polisiýasy barlag geçirýär.

Türkiýäniň terror garşy polisiýasy «Yslam döwleti» topary bilen ilteşikli diýip güman edilýän 440-dan gowrak adamy tussag etdi diýip, 5-nji fewralda döwlet mediasy habar berdi.

«Anadolu” habar gullugynyň maglumatyna görä, güman edilýän YD nökerleriniň 60-sy daşary ýurtly we olar 5-nji fewralda Ankarada ele salyndy.

Güman edilýänleriň150-si Sanliurfa welaýatynda, siriýa serhediniň golaýynda tutuldy.

Daňdan geçirilen operasiýa birnäçe şäheri, şol sanda Stambuly we siriýa serhediniň golaýyndaky Gaziantepi hem öz içine aldy.

Izmir şäherinde hüjüme taýýarlyk görýändigi aýdylan 9 şübheli hem tutuldy.

XS
SM
MD
LG