Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlar: GDA synçylary ‘bidüzgünçilikler ýüze çykarylmady’ diýýärler


Prezidentlik kürsüsine dalaş edýän kandidatlaryň hiç biri häli bu güne çenli ne häzirki häkimiýeti, ne-de ýurduň alyp barýan syýasatyny tankytlap çykyş etdiler.

Türkmenistanda prezidentlik saýlawlaryna bir hepdeden hem az wagt galan pursady, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) synçylary saýlawlara taýýarlyk döwri “hiç hili bidüzgünçilikleriň ýüze çykarylmandygyny” aýdýarlar.

GDA synçylary 12-nji fewrala bellenen saýlawlara görülýän taýýarlyklaryň çäginde ýurduň ençeme welaýatynda duşuşyklary, şeýle-de dokuz dalaşgäriň biri – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazow we ýurtdaky üç partiýanyň ýolbaşçylary bilen hem gepleşikler geçirendiklerini mälim etdiler.

Demokratik paritiýanyň, Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň, şeýle-de Agrar partiýanyň wekilleri bilen Saýlaw kanunynyň we agitasiýa düzgünleriniň berjaý edilişi dogrusynda geçirilen gepleşiklerde, olar saýlawlara görülýän taýýarlyklarda hiç hili düzgün bozmalaryň ýokdugyny öňe sürüpdirler.

Her niçik hem bolsa, prezidentlik kürsüsine dalaş edýän kandidatlaryň hiç biri häli bu güne çenli ne häzirki häkimiýeti, ne-de ýurduň alyp barýan syýasatyny tankytlap çykyş etdiler.

GDA synçylarynyň saýlawlara taýýarlyk döwri hiç hili bidüzgünçilikleri ýüze çykarmandyklaryny nygtasalar-da, hukuk goraýjylar, hususan-da adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” topary Türkmenistanyň Saýlaw kanunçylygynyň eýýämden bozulýandygy, saýlaw kampaniýasy döwründe prezidentiň az wagtdan ses bermeli adamlaryň käbirine “Awazada” maşgalasy bilen dynç almak eglişigini edýändigi barada bellikleri aýdyp başladylar.

Berdimuhamedowyň sowgatlarynyň ses berijilere 'täsiri'
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00

Türkmen telewideniýesinde üçünji prezidentlik möhletine dalaş edýän prezident G. Berdimuhamedowyň ses berijilere sowgatlary gowşuryşy, sowgat alanlaryň hem yzy bilen Berdimuhamdowa ses bermegi wada berişleri görkezildi.

Berdimuhamedow özüniň tele-efir wagtyny beýleki kandidatlara paýlanyp berilmegini sorasa-da, onuň saýlawlaryň bosagasynda regionlara edýän saparlarynyň milli telewideniýede saýlawçylar bilen duşuşyk manysynda efire berilýändigine, raýatlaryň oňa berýän ses wadalarynyň telewideniýede saýlawçylara görkezilýändigine üns çekilýär.

Türkmen resmileri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde, ýurduň Saýlaw kanunyna ters gelýän bu hereketleri ret edip, reportažlaryň “ýalňyş montaž edilen bolmagynyň mümkindigini” aýtdylar.

Prezidentlik saýlawlaryna gatnaşýan dalaşgärler
Prezidentlik saýlawlaryna gatnaşýan dalaşgärler

Ýeri gelende bellesek, türkmen telewideniýesinde Berdimuhamedowdan beýleki sekiz dalaşgäre ses berjekdigini aýdyp, çykyş edýän türkmenistanlylar asla görkezilmeýär. Şol bir wagtda, saýlawlara niýetlenip açylan ýörite web saýtyň baş sahypasynda-da Berdimuhamedowyň sitatasy ýerleşdirilipdir.

Galyberse-de, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Türkmenistandaky saýlawlara özüniň doly derejeli gözegçilik missiýasyny däl-de, Saýlawlara hemaýat beriş missiýasyny ýollamagy karar etdi.

Sözümizi jemläp aýtsak, Berdimuhamedow 2007-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda sesleriň 89%-ni, 2012-nji ýylda hem 97%-ni alyp, ýeňiji bolupdy. Türkmenistandaky ýekeje saýlaw hem halkara guramalary tarapyndan erkin we adalatly diýlip ykrar edilmändi.

Teswirleri gör (3)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG